icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 fewral 2017

1039

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary mynasybetli ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň agzasy Hadi Şuştariniň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri myhmany we dostlukly eýran halkyny EYR-yň Milli baýramy bolan Yslam rewolỳusiỳasynyň 38-ýyllygy bilen gutlady we bagt, abadançylyk we gülläp ösüşi arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyny nygtadylar. Taraplar esasy ünsi ulag-üstaşyr ulgamynda, ýol gurluşygy, elektroenergetika we gaz pudaklarynda bilelikde işleri alyp barmagy giňeltmek we işjeňleşdirmek meselelerine gönükdirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi