Intellektual eýeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine bagyşlanan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat

2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň edara binasynda Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň hem-de Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) halkara bilermenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi.   

Duşuşygyň başynda, Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň bilermenleri Türkmenistanyň jemgyýetiň bähbitlerine, ykdysady ösüşine goşant goşmak bilen, döredijilik işini we innowasiýalary höweslendirýändigi barada bellediler.

Maslahatyň dowamynda BIEG-niň soňky ýyllardaky işi, innowasion işde intellektual eýeçiligiň orny, şeýle-de sebitde intellektual eýeçiligi goramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Awtorlyk hukugyny goramak meselelerine, şeýle-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag edaralarynda intellektual eýeçilik ulgamynda hünärmenleri okatmak we taýýarlamak, şol sanda intellektual eýeçiliginiň birnäçe ýöriteleşdirilen ulgamlarynda hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagy ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasat bilen bir hatarda, BIEG-niň Akademiýasynyň hünärmenleri taýýarlamakda eýeleýän ornuna aýratyn üns berildi. Taraplar bu syýasaty işläp taýýarlamagyň ýollaryna hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde intellektual eýeçiligiň esaslaryny okatmak meselelerine aýratyn üns berdiler.