icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 aprel 2017

1221

Dubaýda Aşgabatda Aziýa oýunlarynyň başlamagyna 150 gün galmagyny giňden bellediler

2017-nji ýylyň 20-nji aprelinde Dubaý şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlamagyna 150 güniň galandygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi.

Çärä Birleşen Arap Emirliklerinde akkreditirlenen diplomatik korpusyň wekilleri, Birleşen Arap Emirlikleriniň sport federasiýalarynyň wekilleri, şol ýurtda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary we Dubaý şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň sport baradaky Döwlet komitetiniň ýardam bermeginde gurnalan bu çäre dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň şu günki güni, onuň üstünlikleri we ýeten sepgitleri, şeýle hem Aziada-2017 görülýän taýýarlyk bilen tanyşdyrmaklyga gönükdirilendir.

Gala-konsert Dubaý şäheriniň abraýly ýerleriniň birinde açyk asmanyň astynda geçirildi. Konsertden öň Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary barada ählitaraplaýyn maglumaty öz içine alýan wideo-prezentasiýa görkezildi.

Soňra öz belli eserleri bilen “Galkynyş” tans topary çykyş etdi, türkmen halk aýdymlary, Türkmenistanyň belli aýdymçylary Züleýha Kakaýewanyň, Atajan Berdiýewiň ýerine ýetirmeginde aýdymlar ýaňlandy.

Şeýle hem karate boýunça Türkmenistanyň Milli Federasiýasynyň prezidenti Hangeldi Hojaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň karate boýunça milli ýygyndysynyň çykyşlary tomaşaçylary göwünlerini göterdi.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi