icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 maý 2017

992

Türkmenistan we Palestina Döwleti diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyny bellediler

2017-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýylynyň dolmagy mynasybetli çäreler geçirildi. Bu baýramçylyk çärelere gatnaşmak üçin Palestina Döwletiniň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Mazen Şamiýanyň baştutanlygyndaky wekilçilikli topary Türkmenistana geldi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary brifinge gatnaşyjylara ýüzlenmesinde bu çäreleriň iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli geçirilmeginiň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Ýurduň oňyn bitaraplyk syýasaty barada aýdyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Palestina, şeýle hem beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygyň giň ugry boýunça gatnaşyklary ösdürmek meýilini beýan etdi.

Palestinanyň Daşary işler ministriniň orunbasary öz gezeginde Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmaga çalykylygy üçin minnetdarlygyny bidirip, özara ynanyşmak esasyndaky iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary aýratyn belledi. Ol şeýle hem deňlik we özarabähbitlilik esasynda ýola goýulan gatnaşyklary iki döwletiň halklarynyň bähbidi üçin geljekde ösdümegiň giň mümkinçilikleri barada aýtdy.

Brifingiň ahyrynda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýylynyň dolmagy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler we doganlyk halklaryna özüniň iň oňat arzuwlaryny, parahatçylygy, agzybirligi we abadançylygy arzuw etdiler. Soňra brifinge gatnaşyjylar üçin dabaraly furşet gurnaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi