icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 maý 2017

933

Aşgabatda türkmen-palestina işewürler maslahaty geçirildi

2017-nji ýylyň 4-nji maýynda Aşgabatda türkmen-palestina işewürler maslahaty geçirildi. Işewür duşuşyga Palestina döwletiniň daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýanyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem telekeçiler we işewürler gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň we Palestinanyň toparlarynyň wekilleriniň çykyşlarynda milli ykdysadyýetleriň häzirki ýagdaýy hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, iki ýurduň we halkyň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Palestinanyň kompaniýalary geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda ýola goýlan maýa goýum taslamalaryna goşulyşmaga uly gyzyklanma bildirdiler. Soňra maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň ykdysadyýeti baradaky wideofilm görkezildi.

Palestinanyň wekiliýetiniň agzalary öz döwletiniň ösüşiniň esasy tapgyrlary bilen tanyşdyrdylar. Duşuşygyň çäklerinde bu dostlukly döwletdt iş alyp barmagyň mümkinçiliklerini açyp görkezýän wideofilm görkezildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty türkmen-palestina gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde agrosenagat toplumy görkezildi. Şeýle hem hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini şertlendirer. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri öz gezeginde Palestina Döwletine ýurdumyzda öndürilen we bäsdeşlige ukyply harytlary eksport etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Gelejegi bar ugurlardan gurluşyk we gurluşyk materiallar senagaty, maşyngurluşyk, dokma senagaty we syýahatçylyk bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we hususy pudagyň wekilleri bilen Palestina Döwletiniň düzümleriniň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň meseleleri we hyzmatdaşlygyň möhum ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi