icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 maý 2017

824

Nýu-Ýorkda Ýeňiş gününe bagyşlanan surat sergisi geçirildi

2017-nji ýylyň 5-nji maýynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň binasynda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hemişelik wekilhanalary tarapyndan gurnalan fotosurat sergisi geçirildi.

Serginiň işine BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş, BMG-niň guramalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň ýanyndaky agza-ýurtlarynyň Hemişelik wekilleri gatnaşdylar.

Duaýen hökmünde Türkmenistaniň BMG-däki Hemişelik wekili A.Ataýewa sergini açyp, edil iki ýyl mundan ozal BMG-niň howlusynda parahatçylygyň portdugyny ýatladýan «Parahatçylygyň we jebisligiň agajynyň» oturdylandygyny belledi. «Parahatçylyk öz özünden emele gelmeýär. Parahatçylyk – bu diňe bir urşyň bolmazlygy däl. Bu agaç ýaly parahatçylygy ösdürmeli, goramaly we goldamaly» - diýip, A.Ataýewa belledi.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş öz çykyşynda Ikinji dünýä urşunyň tamamlanmagy geljekdäki nesilleri urşuň howplaryndan dyndyrmak üçin niýetlenen Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine şertleri dörendigini belledi. Şeýle hem ol BMG-niň agza-ýurtlaryny täze wehimlere we howplara garşy göreşde BMG-niň merkezi orunda durmagy bilen tagallalary birleşdirmäge çagyrdy.

Sergide nasizmiň üstünden Ýeňişe öňki SSSR-ň ýurtlarynyň goşandyny şöhlelendirýän uruş döwürleriniň, şeýle hem dürli döwletleriniň urşuň pidalarynyň hatyrasyna dikeldilen ýadygärlikleriniň gara-ak foto suratlary görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi