icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 ýanwar 2022

1876

Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammitine gatnaşdy

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ilkinji «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammiti wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Ýokary derejeli duşuşyga Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri gatnaşdylar.   

Öz çykyşynda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ilkinji «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammitiniň, Nýu-Deliniň bu strategiki ähmiýete eýe bolan sebitiň döwletleri bilen barha giňelýän özara hereketleriniň özboluşly şöhlelenmesi boljakdygyny belläp geçdi.

Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmonyň, Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýewiň çykyşlary hem diňlenildi.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti 30 ýyl mundan ozal diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýan Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Hindistan üçin şu ýubileý ýylynyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, halklarymyzyň köpasyrlyk gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny hem belläp geçdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şonuň ýaly-da, Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny we tutuş hindi halkyny ýurduň garaşsyzlygynyň şanly 75 ýyllygy mynasybetli gutlady. Taryhy taýdan gysga bolan bu döwür içinde Hindistan asyrlara barabar ýoly geçmegi başardy, diýip Türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Hindistanyň Türkmenistan üçin ýakyn dost hem-de möhüm hyzmatdaş bolup durýandygyny aýdyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistanyň biziň Watanymyzyň garaşsyzlygyny ykrar eden dünýäniň ilkinji döwletleriniň biri bolandygyny aýratyn belledi.

Bellenilip geçilişi ýaly, nobatdaky duşuşyk ägirt uly adam, senagat, tebigy, tehnologiki mümkinçiliklerine eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň gatnaşyklaryny täze derejelere çykarmaga itergi berer.

Ýurtlaryň hem-de halklaryň parahatçylykda ýaşamaklaryna, häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen sebitleýin özara hereketleriň pugtalandyrylmagynyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti berk hem-de uzakmöhletleýin howpsuzlygyň, parahatçylygyň üpjün edilmeginiň we gyzyklanmalaryň deňagramlylygynyň saklanylmagynyň biziň ýurtlarymyzyň strategiki maksatlaryna laýyk gelýändigini nygtady.

Şu nukdaýnazardan, Howpsuzlyk boýunça geňeşçileriň derejesinde yzygiderli Dialogyň geçirilmegi baradaky başlangyjy, şeýle-de «Merkezi Aziýa – Hindistan» Parlament forumynyň döredilmegi baradaky pikiriň öz wagtyndalygyny goldamak bilen, türkmen tarapy «Merkezi Aziýa – Hindistan» Sammitiniň Sekretariatynyň döredilmeginiň maksadalaýyklygyny hem beýan etdi. 

Mundan başga-da, halkara guramalarynda, ilkinji nobatda BMG-de ulgamlaýyn esasdaky bilelikdäki işleriň ýola goýulmagyny teklip edip, türkmen tarapy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen «Dialog – parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň global syýasy giňişlikde ähli jogapkär hem-de sagdyn aňly güýçleriň birleşdirilmegine gönükdirilendigini nygtady.

Şeýle-de «Merkezi Aziýa – Hindistan» Işewürlik Geňeşiniň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi we bu platformanyň çäklerindäki hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy beýan edildi. Hususan hem, taraplaryň energetika ulgamyndaky tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy. Öz tebigy baýlyklary bilen tanalýan Merkezi Aziýa ýurtlary bu günki günde «Merkezi Aziýa – Hindistan» energetika köprüsiniň döredilmegi ugrunda çynlakaý işleri geçirmäge ukyplydyrlar, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.  

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen geoykdysady hem-de geosyýasy ähmiýete eýe bolan iri göwrümli energetika taslamasyny - «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisini durmuşa geçirýär.

Şol bir wagtyň özünde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem Hindistanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň netijeli özara hereketleriniň ähmiýetli ugry bolup durýar. Şunda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çykýan ýewraziýa ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň ähmiýeti bellenilip geçildi. Bu ugurda, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar ulag geçirijisiniň taslamasynyň derwaýyslygy hem nygtaldy.

Şeýle-de sammitiň çäklerinde lukmançylyk diplomatiýasynyň ýaýbaňlandyrylmagy, koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşiň alnyp barylmagy ugrundaky tagallalaryň geljekde has hem utgaşdyrylmagynyň zerurlygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen Lideri esasy maksatlarynyň biri ýokanç kesellerine garşy göreşmek bolan «Merkezi Aziýa – Hindistan» lukmançylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň meselesine seredilmegini teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky özara hereketleriň giňeldilmegi hoşniýetli goňşuçylygyň berkidilmeginiň, biziň halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagynyň hem-de özara düşünişmeginiň mümkinçiligi hökmünde kabul edilýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi