icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 fewral 2022

1307

KHBS ÜÇIN MAGLUMAT

Şu gün, 27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik korpusy bilen duşuşyk geçirdi.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly meseleleriň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy.

Beýan edilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän işjeň taýýarlyklaryň barşynda Türkmenistanyň dünýäniň 30 ýurdunda ýerleşen ilçihanalarynda we konsullyklarynda 41 sany saýlaw uçastoklary döredildi.

Bu hem öz nobatynda Türkmenistanda demokratiýanyň ýokary derejesine laýyk gelýän saýlaw ulgamynyň kemala getirilendigini hem-de raýatlaryň hukuklarynyň doly göwrümde üpjün edilýändigini aýdyň subut edýär.

 

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy
2022-nji ýylyň 27-nji fewraly

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi