Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi

2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de hormatly Prezidentimize özi üçin amatly pursatda Türkiýe Respublikasyna sapar bilen gelmäge iberen çakylygyny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine mähirli jogap sözlerini aýtdy we ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, şeýle-de abraýly sebitara hem-de halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlarynyň kesgitlenilmegini, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini esasy ugur edinýän hökümetara toparyň işine wajyp ornuň degişlidigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýin esasda ösdüriljekdigine, anyk many-mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.