icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 oktýabr 2022

1865

“Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň mejlisi

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi M.Klimou hem-de «John Deere», «Case New Holland», «Boeing», «Exxon Mobil» General Electric, «Coca Cola», «Zeppelin», «Westport Trading Ltd.», «Caterpillar», «Oxbow», «Visa» we beýleki amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary – geňeşiň agzalary gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurlygy barada aýdylyp, maýa goýum, maliýe we bank, oba hojalygy, nebit we gaz, ulag we logistika hem-de tehnologiýa ugurlarynyň onda ýörite orun eýeleýändigi nygtaldy. 

Şu ýylyň ahyryna çenli wekilçilikli amerikan işewür wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny gurnamak meseleleri boýunça pikir alşyldy.

«Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklarynyň ilerledilmegindäki ähmiýeti nygtaldy. Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2008-nji ýylda döredilen bu Işewürlik geňeşi Türkmenistanyň we ABŞ-nyň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we giňeldilmegi ugrunda netijeli gurala öwrülendigi bellenildi.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Ştatlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ygrarlylygyny beýan etdi.  Şol bir wagtda köp ýylyň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna goşan oňyn goşandy barada bellenilip geçildi.   

Işewürlik geňeşiniň ýolbaşçylary yzygiderli netijeli gepleşikleriň tejribesini kanagatlanma bilen belläp, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri we ugurlary boýunça ýakyn geljekde teklipleri öňe sürmek başlangyjy bilen çykyş etdiler.

Mejlisiň çäklerinde taraplaryň arasynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça onlarça onlaýn duşuşyklary geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi