Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda petek satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar.

220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg bildirýän ýaryşyna gatnaşyp bilerler.

 Ýerine ýetiriji komitet raýatlary Aşgabat şäherinde geçiriljek sport oýunlaryna tomaşa etmäge höweslendirmek üçin sport ýaryşlarynyň petek bahalarynyň ulular üçin 7 we 10 manatdan, 14 ýaşdan kiçi bolan çagalar üçin tölegsiz boljakdygyny tassyklady.

Täze gurlan döwrebap Aşgabat Olimpiýa stadionynda geçiriljek açylyş we ýapylyş dabaralary üçin petekler dört dereje boýunça satuwa çykarylar we olaryň bahalary 50 manatdan 500 manada çenli aralykda bolar.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew: “Aşgabat 2017 Türkmenistanyň ilaty üçin aýratyn waka bolar. Biz adamlaryň halkara ýaryşa tomaşa etmek we biziň türgenlerimizi goldamak üçin ajaýyp mümkinçiligi elinden gidirmän peýdalanmagyny isleýäris” diýip belledi.

Petekler Aşgabat şäheriniň çäginde 8 sany petek satuw nokatlarynda we beýleki welaýatlaryň çäginde 6 sany petek satuw nokatlarynda satylar. Bu Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin döwrebap Olimpiýa şäherjigine baryp görmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Her petekde eýesiniň ady ýazylar. Petek satyn almak üçin hakyky pasporty ýa-da şahsyýeti tassyklaýan resminamany görkezilmelidir.

Aşakda petek satuw nokatlaryň salgysy we iş wagty görkezilendir:

Aşgabat şäheri

“Altyn Asyr” gündogar bazary

08:00 – 15:00 

“Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkezi

10:00 – 21:00 

“Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi” kärhanasy

10:00 – 21:00 

“Köpetdag” sport toplumy

10:00 – 21:00 

“Berkarar” söwda we dynç alyş merkezi

10:00 – 21:00 

“Aşgabat” medeni dynç alyş merkezi (1-nji park)

10:00 – 21:00 

“Güneş” medeni dynç alyş seýilgähi (2-nji park)

10:00 – 21:00 

Kuly Şamyradow adyndaky medeni we dynç alyş seýilgähi (3-nji park)

10:00 – 21:00

 

 Welaýatlar

Lebap welaýatynyň Türkmenabat ş. S.A. Nyýazow şaýoly, Aragatnaşyk öyi, 53-nji jaýy

09:00 – 20:00

Daşoguz welaýaty Daşoguz ş. Türkmenbaşy şayoly, 43-nji jaýy

09:00 – 20:00

Balkan welaýaty Balkanabat ş. 209-njy kwartal, Magtymguly şaýoly, 57-nji jaýy

09:00 – 20:00

Balkan welaýaty Türkmenbaşy ş. Atamyrat Nyýazow şaýoly, 27-nji jaýy

09:00 – 20:00

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy

09:00 – 20:00

“Awaza” milli syýahatçylyk merkezi

Topar bolup petekleri satyn almak, VIP petekleri satyn almak we mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin petekleri satyn almak bilen bagly soraglar üçin tickets@ashgabat2017.com elektron poçta ýa-da +993 12 94 8888 telefon belgi arkaly ýüzlenip bilersiňiz.