icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 aprel 2023

3221

Metbugat üçin beýannama

Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilmegi türkmen halky üçin bolşy ýaly, tutuş adamzat üçin hem şanly wakadyr. Şu ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 75 ýyllyk ýubileýini belleýär. 1948-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň umumy başlangyjy boýunça döredilen bu gurama adamlaryň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, dünýäde howpsuzlygyň üpjün edilmegine hem-de her bir adamyň nirededigine garamazdan, saglygyň we rowaçlygyň iň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçiliginiň bolmagy üçin ilatyň hemaýata mätäç toparlarynyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirilendir.

BSGG-niň şu ýubileýi soňky 75 ýylda adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik beren üstünlikleri ýatlamaga esas bolup durýar. Şeýle hem bu waka şu ýylda häzirki we ertirki günüň möhüm saglyk meselelerini çözmek boýunça tagallalara itergi bermäge mümkinçilikdir. 2023-nji ýylyň 7-nji apreli “Saglyk hemmeler üçin” şygary astynda geçýär. Şunda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ileri tutulýan ugurlaryny nygtamak zerurdyr. Bu ugurlar Türkmenistanyň dünýäniň döwletleri we abraýly halkara düzümler bilen saglygy goraýyş ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynda öz beýanyny tapýar:

— Saglyk hemmeler üçin. Munuň özi gapma-garşylyksyz, parahat, abadan we durnukly dünýäde ýaşaýan her bir adamyň berk jan saglygy we doly derejeli durmuşy.

— Saglyga bolan hukuk adamyň esasy hukuklarynyň biridir.

— Saglygy goraýşyň hyzmatlaryna, maliýe taýdan goraglylyga ählumumy elýeterliligiň üpjün edilmegi we maşgalanyň hem-de jemgyýetiň rowaçlygynyň pugtalandyrylmagy.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň agzasy bolup durýar. Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň 31 ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Saglyga bolan hukuk adam hukuklarynyň esasylarynyň biri bolmak bilen, her bir adamyň maddy kynçylyklary çekmezden, saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliliginiň bolmagyny aňladýar. Bu ýörelge Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap saglyk edaralarynyň uly ulgamy — “Ene mähri” we Gaýragoýulmasyz “Tiz kömek” merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman senagaty kärhanalary döredildi. Ilatyň saglygyny pugtalandyrmak, innowasion usullar bilen keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek, adamyň ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesi milli saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlary boýunça ençeme bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň subutnamasydyr. Türkmenistanyň jemgyýetçilik saglygy goraýşyny üpjün etmekde gazanan üstünlikleri üçin drakunkulýozyň, poliomielitiň, gyzzyrmanyň, gyzamyk we gyzylja ýaly ýokanç keselleriň doly soňuna çykylandygy, duzuň ýodlaşdyrylandygy, unuň demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygy barada ýurdumyza halkara güwänamalardyr şahadatnamalar gowşuryldy.

BSGG eneligi we çagalygy goramak meselelerinde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny goldaýar, çagalaryň hem-de ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça milli strategiýalary we hereketleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamakda goldaw berýär. Hyzmatdaşlyk ýyllarynyň dowamynda BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasy Türkmenistany BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň Sebit komitetiniň hemişelik komitetiniň düzümine iki gezek saýlap, Türkmenistanyň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýar.

BSGG we Türkmenistan 2035-nji ýyla çenli inçekeseliň dünýäde ýaýramagyny ýok etmek maksady bilen, inçekesele garşy göreşmekde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň barlaghana gullugynyň kuwwatyny pugtalandyrmakda hyzmatdaşlyk işjeňleşdirildi. Onuň çäklerinde ýokanç kesellere gözegçilik güýçlendirildi we olaryň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreler ornaşdyryldy. Ýokanç kesellere integrirlenen epidemiologik gözegçilik boýunça Milli konsepsiýa, Milli immun öňüni alyş maksatnamasy munuň aýdyň mysallarydyr. BSGG-niň goldaw bermeginde ýurdumyzyň ýabany poliowiruslaryň dolanyşygyndan azat çäk hökmünde derejesini üpjün etmäge gönükdirilen dürli çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýokary derejede ylalaşylan bilelikdäki başlangyçlar, ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyna Türkmenistanyň gatnaşmagyna goldaw bermek boýunça başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Wiruslaryň, şol sanda grip we SARS-CoV-2 wirusyny öwrenmek ulgamynda milli kuwwat pugtalandyryldy. 2023-nji ýylyň fewral aýynda wirusologiýa ulgamynda milli barlaghana hünärmenleri tarapyndan grip wirusynyň 10 görnüşiniň genomy öwrenildi, alnan maglumatlar Grip baradaky ähli maglumatlary alyşmak boýunça ählumumy başlangyjyň (GISAID) meýdançasyna ugradyldy. 2022-nji ýylyň 4-nji iýulynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ilerletmek boýunça ýokary derejedäki sebitleýin konsultatiw duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanda ýokanç däl kesellere garşy göreşmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, ol 2030-njy ýyla çenli ählumumy ösüş Gün tertibiniň we Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. BSGG-niň 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilen “Wadalary berjaý etmegiň döwri: Ýewropada durnukly ösüş babatda maksatlara ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleri çözmek” atly ýokary derejeli ikinji Ýewropa maslahaty ýokanç däl keseller boýunça BMG-niň ýokary derejeli maslahatynda kabul edilen borçnamalary, şeýle hem olary ýerine ýetirmekde ýurtlara goldaw bermek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge itergi berdi. 2024-nji ýylda Türkmenistan ýokanç däl keseller boýunça Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmek boýunça ýokary derejeli üçünji maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär. Munuň özi öňüni almak hem-de ýokanç däl kesellere gözegçilik etmek arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini goldamaga we pugtalandyrmaga Türkmenistanyň syýasy taýdan ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Bu ugurda milli derejedäki tagallalaryň, halkara hyzmatdaşlygyň netijeliligine foruma gatnaşyjylaryň ählisi, ilkinji nobatda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de onuň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan ýokary baha berlip, BSGG-niň Baş direktory Tedros Gebreýesusyň adyndan ýokanç däl keselleriň öňüni almaga ýurduň goşýan goşandy üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilýändiginiň şahadatnamasy gowşuryldy.

Kabul edilen “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly milli strategiýa, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnama, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama saglygy goraýyş ulgamynyň işini ep-esli derejede işjeňleşdirdi. Köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ilkinji lukmançylyk-arassaçylyk kömeginiň berilmegini gowulandyrmaga, ilatyň goldawa mätäç gatlaklaryny göz öňünde tutup, esasy lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini üpjün etmäge gönükdirilen hem-de adalatlylyk, gender deňligi, adam hukuklaryny berjaý etmek ýörelgelerine esaslanýan milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, islendik ýaşdaky ähli adamyň saglygy we abadançylygy pugtalandyrylýar.

Saglygy goraýyş ulgamynda häzirki zaman düzümleri döredildi. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda lukmançylyk merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar gurlup, täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy. Şonuň esasynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş düzümleriniň döredilmeginde uly üstünlikler gazanyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi enelik we çagalyk babatda ilatyň saglygyny goramak meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Bularyň ählisi milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň iň ýokary gymmatlygy bolan her bir adamyň durmuş derejesini, abadançylygyny ýokarlandyrmakda gazanylýan oňyn netijelerdir.

Döwlet býujetiniň köp bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýyş we bilim ulgamyny özgertmäge gönükdirilendir.

2020-nji ýylda täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň ýaýramagy bilen baglylykda we soňky ýyllaryň dowamynda BSGG, BMG-niň düzüm birlikleri tarapyndan Türkmenistana goldaw berildi. COVID-19-a garşy taýýarlygy we oňa degişli täsiri üpjün etmek boýunça BSGG-niň strategik meýilnamasynyň esasy ýörelgeleriniň binýadynda ýurtda COVID-19-yň öňüni almak, bejermek, anyklamak we sanjym etmek bilen baglanyşykly COVID-19 boýunça BSGG-niň işleriniň esasy ugurlaryna ünsi jemlenen ýiti ýokanç kesele garşy Türkmenistanyň taýýarlygyny üpjün etmek we oňa garşy göreşmek boýunça bilelikdäki meýilnama tassyklanyldy hem-de üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu maksatnamalaýyn özgertmeler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin netijeli itergi bolmak bilen, saglygy goraýyş babatda geljekki hyzmatdaşlygyň binýadyny goýýar.

Bütindünýä saglyk gününde Türkmenistan BSGG-niň işini doly goldaýandygyny nobatdaky gezek beýan edýär. Yhlasly we hünär derejesindäki işleri üçin guramanyň ýolbaşçylaryna hem-de işgärlerine hoşallyk bildirýär. Biziň ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk eder we oňa hemişe ählitaraplaýyn kömek bermäge taýýardyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş 
we derman senagaty ministrligi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi