icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 oktýabr 2017

852

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisinde ýurduň öňe gidýän ösüşiniň esasy meselelerine garaldy

2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynda Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy. Umu­my­mil­li mas­la­ha­tda geljekde ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, durmuş-yk­dy­sa­dy we de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­riniň dur­mu­şa ge­çir­ilmegi bi­len bag­la­ny­şyk­ly mese­le­lere garaldy.

Maslahatyň wekilleriniň arasynda hormatly ýaşulular, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri, ylym we bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahata şeýle-de türkmen ilçileri we Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­tynyň mejlisinde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda, abraýly halkara guramalary, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş As­samb­le­ýa­sy 12-nji de­kab­ry Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni di­ýip yg­lan edendigini, şeýle hem  2017-nji ýy­lyň 19-njy ap­re­lin­de bol­sa, bi­ziň Bi­ta­rap döw­le­ti­miziň bu gu­ra­ma­nyň Ça­ga­lar Gaz­na­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­niň 2018-2020-nji ýyl­lar üçin ag­za­lygy­na we  Ze­nan­la­ryň hu­kuk ýag­da­ýy bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­nyň 2018-2022-nji ýyl­lar üçin ag­za­ly­gy­na saý­landygyny ka­na­gat­lan­ma bilen belledi.

Mö­hüm wa­ka­la­ryň ha­ta­ryn­da şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň Ko­mis­si­ýa­sy­nyň mej­li­sin­de bu  gu­ra­ma­nyň ösü­şiň bäh­bit­le­ri­ne Ylym we teh­ni­ka bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­na 2017-2020-nji ýyl­lar, Ilat hem-de ösüş bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­na 2016-2020-nji ýyl­lar, şeý­le hem Dur­muş ösü­şi bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­sy­na 2017-2021-nji ýyl­lar üçin      saý­lan­ma­gy­ny bel­le­mek bo­lar. 

Ga­raş­syz döw­le­ti­miz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mej­li­sin­de äh­lu­mu­my ki­ber howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­si­ne düýp­li çe­me­leş­me­gi tek­lip et­di. 

«Azia­da - 2017: Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň ha­ty­ra­sy­na hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy» at­ly hal­ka­ra sport kong­re­si­niň jem­leý­ji Jar­na­ma­sy Bir­le­şen Mil­let­ler    Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mej­li­si­niň res­mi­na­ma­sy hök­mün­de ýaý­ra­dyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri­ne şu ýy­lyň 9 aýy­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp, ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de se­re­di­len­di­gi­ni aý­dyp, fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň ün­sü­ni ama­la aşy­ryl­ýan döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy me­se­le­le­ri­ne çek­di. 

Hä­zir­ki dö­wür­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da öz­gert­me­ler  ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň mö­hüm çeş­me­le­ri­niň on­lar­ça­sy üçin düýp­li esas­lar go­ýul­dy. Bu iş­le­riň yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­jek kuw­wat­ly önüm­çi­lik, dur­muş we in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň berk esas­la­ry­ny dö­ret­mek do­wam ed­ýär. 

“Hä­zir­ki dö­wür­de biz ýur­du­myz­da dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga    gö­nük­di­ri­len kuw­wat­ly hä­zir­ki za­man yk­dy­sa­dy ul­ga­myň ýo­ka­ry ösü­şe eýe bo­lan­dy­gy­ny do­ly tas­syk­lap bi­le­ris. Bu ul­gam eýe­çi­li­giň dür­li gör­nüş­le­ri­ne esas­lan­ýar hem-de ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na tap­gyr­ma-tap­gyr geç­me­gi göz öňün­de tut­ýar” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ry jem­läp, Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça çy­kyş eden­le­re we fo­ru­myň işi­ne iş­jeň gat­na­şan­la­ra min­net­dar­lyk bil­dir­di we be­ýan edi­len tek­lip­le­riň äh­li­si­niň hök­ma­ny su­rat­da göz öňün­de tu­tul­jak­dy­gy­ny bel­le­di. 

10-njy oktýabrda Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­tynyň ikinji jemleýji güni boldy. Forumyň dowamynda ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň öňdebaryjy meseleleri bellenildi, şeýle hem aýratyn resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ýurduň ýolbaşçysy «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna üýtgetme girizmek  hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlaryna, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Kararyna, «Ähli sarp edijiler üçin tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek hakynda» Karara, «Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleri hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini 2018-nji ýylda çagyrmak hakynda», «Türkmenistanyň «Zenan kalby»ordeni bilen sylaglamak hakyndaky», «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakyndaky» Permanlaryna gol çekdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakyldy.

Mejlisde Türkme­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­tyna gatnaşyjylaryň ýurdumyzyň ähli halkyna Ýüzlenmesi kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda Milletiň Lideri gatnaşyjylara jemleýji sözi bilen ýüzlenip,  gatnaşyjalara olaryň ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we Ýaşulularyň maslahatyny ýapyk diýip yglan etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi