Söwda-ulag infrastrukturasynyň howupsyzlygy– Türkmenistandaky ÝHHG-niň üns merkezinde

2017-nji ýylyň 10-njy we 11-nji oktýabrynda geçen ÝHHG-i tarapyndan gurnalan milli ulag-söwda infrastrukturasynyň howupsyzlygyny ösdürmäge ýardam bermek boýunça okuw sapaklaryna ulag logistika meseleleri bilen meşgullanýan ministrlikleriniň, maliýe institutlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

ÝHHG-ň Aşgabatdaky Merkezi gatnaşyjylaryň ulag we söwda ulgamyny ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen halkara gurallary we mehanizmleri barada maglumat taýdan üpjün bolmagy hem-de degişli ugurda milli strategiýalaryň we mehanizmleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen iki günlik okuw sapaklaryny gurnady.

Halkara bilermenler söwdany we ulagy ösdürmage ýardam bermekde ulag kartasyny taýýarlamagyň we işewürlik prosesiniň seljerişiniň usulyýetinde jikme-jik durup geçdiler. ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça Býurosynyň utgaşdyryjysynyň ykdysady meseleleri boýunça wekili Zuhra Bektepowa, söwda, ulag we serhet howpsuzlygy çygrynda ÝHHG-niň mandaty barada çykyş etdi.

         «ÝHHG sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmekde we ÝHHG-niň sebitinde durnuklylygy berkitmekde ulagyň durnukly ösüşi we howpsuz ulag ulgamlarynyň wajyp ornuny ykrar edýär, - diýip ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd belledi. – Ulag arabaglanyşyklaryny ösdürmek we sebitleýin logistika merkezine öwrülmek maksady bilen Türkmenistanyň yzygiderli ädimleri amala aşyrmagy bilen baglylykda, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi kabul edýän ýurduň hökümetine ýardam bermäge we bu çygurdaky öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga ýardam bermäge taýýar».

Şeýle hem, multimodal ulag we logistika ulgamlary, şeýle hem energonetijeliligiň üsti bilen ulagyň optimizasiýasy ýaly meseleler okuwlaryň gün tertibine goşuldy.

Dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk ýurtlarynda netijeli ulag, serhet we gümrük mehanizmleri gepleşikleriň esasy meseleleriniň biri boldy. Seminara gatnaşyjylar dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk ýurtlarynda hususy sektory bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi we degişli dolandyrma tejribesini kämilleşdirmegiň usullary barada pikirleri alyşdylar.