icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 oktýabr 2017

740

Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzasy boldy

2017-nji ýylyň 15-nji oktaýbrynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 137-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň Dolandyryjy geňeşiniň 201-nji mejlisiniň karary bilen Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzalygyna biragyzdan kabul edildi. Parlamentara Bileleşiginde ýurdumyza Türkmenistanyň Mejlisi wekilçilik eder.

Ştab-kwartirasy Ženewada ýerleşýän bu Bileleşik, iň köne halkara guramalaryň biri bolmak bilen, ol parlamentara diplomatiýasy boýunça iň wekilçilikli halkara edaralarynyň biridir. Parlamentara Bileleşigi deputatlaryň degişli halkara gün tertibiniň köp ugurly we iňňän möhüm meseleleri barada özara pikir alyşmak üçin parlament wekiliýetlerine özüniň meýdançasyny hödürleýär. Parlamentara Bileleşigiň esasy wezipeleriniň biri hem bütin dünýäde demokratiýany goldamak, goramak we berkitmekdir.

Türkmenistanyň Parlamentara Bileleşiginiň agzalygyna girmegi ýurdumyzda raýat institutlaryny we demokratik gymmatlyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistan bilen bilelikde Özbegistan we Wanuatu Respublikasy Parlamentara Bileleşiginiň agzalygyna kabul edildi. Häzirki wagtda bu guramanyň 176 sany agzasy bardyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi