icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

29 sentýabr 2016

2027

Awstraliýanyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

2016-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ynanç hatynyň nusgasyny gowşurmak maksady bilen Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) jenap Piter Martin Teş bilen duşuşyk guraldy.

            Özara salamlaşykdan soň, taraplar Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy gepleşikleriň ýokary derejesini belläp, halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde özara ylalaşyklaryň gerimini giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Taraplar geljekde iki döwletiň arasyndaky hukuk binýadyny kämilleşdirmekde daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri yzygiderli guramagyň möhümdigini bellediler. Bilim we sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, taraplar bu ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny aýan etdiler.

            Türkmen tarapy jenap Piter Martin Teşi Awstraliýanyň Türkmenistandaky  Ilçisi hökmünde işe başlamagy bilen mübärekläp, täze bellenilen wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Öz gezeginde Awstraliýanyň Türkmenistandaky  Ilçisi iki döwletiň arasyndaky dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhümdigini belläp, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde tagallalary gaýgyrmajakdygyny aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi