icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 noýabr 2017

694

Türkmenistanyň DIM-nde Pakistanyň Meýilnamalaşdyryş Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň desgasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal ministr derejesindäki Meýilnamalaşdyryş Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary jenap Sartaj Aziz bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky işjeň daşary syýasy hyzmatdaşlygy belläp, taraplar ýokary derejede ýetilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky geljekki ösüşine garadylar.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri halkara guramalaryň, hususan-da, BMG, YHG we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde önjeýli köptaraplaýyn özaragatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady. Pakistanyň Federal ministri sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýän Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň işjeňligini belledi. Şu çarçuwada taraplar energetika, ulag we ykdysady ulgamlarda işleri birleşdirmek boýunça teklipleri orta atdylar. Bu bolsa öz gezeginde Aziýa yklymynyň ýurtlaryny özleriniň ykdysady mümkinçiliklerini, tebigy baýlyklaryny we geografiki ýerleşişini ulanmaga gönükdirer.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi