icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 noýabr 2017

883

Buharest şäherinde “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2017-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň guran “Caspian-Black Sea Forum. Beyond energy” diýen çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

Dabara Rumyniýada işleýän diplomatik korpusynyň wekilleri, 40 hem gowrak rumyn we daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri, Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary, jemgyýtçiligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi, ýurduň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we jemgyýtçiligiň wekilleri çykyş etdiler.

Tanyşdyrylyş dabaranyň dowamynda türkmen döwletiniň baştutanyň täze işi giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigi bellenildi. Taryhy tejribä esaslanýan bu kitap, parahatsöýüjilik we goňşuçylyk däplerini, türkmen halkynyň ruhy mirasyny hormatlaýan Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň konsepsiýasyny, onuň sebit we ählumumy integrasiýa we ösüşe ymtylmasyny görkezýändigi bellenilip geçildi. Kitapda öňe sürülýän baş pikir Bitarap Türkmenistanyň özüniň taryhy ýoluny açyp görkezýän halkara giňişligindäki başlangyçly we döredijilikli posiziýasyny düşündirýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi