

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham Aliýew mähirli salamlaşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.
Prezident Ilham Aliýew Bitaraplyk toýunyň öňüsyrasynda Awazada geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahata Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň gatnaşandygyny we forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini belledi hem-de iki gaznanyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga berýän goldawlary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň ähli tapgyrlarynda Azerbaýjan Respublikasynyň möhüm orun eýeländigini aýratyn nygtady.
Bellenilişi ýaly, Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti L.Aliýewanyň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjanyň wekiliýetiniň Awazada geçirilen halkara maslahata gatnaşmagy ýurtlarymyzyň dürli ulgamlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygynyň aýdyň beýanydyr
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadowyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmagynyň ýurdumyza we türkmen halkyna bildirilýän belent hormatyň, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, parahatçylygy, durnuklylygy we ynanyşmagy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlylygyň nyşany hökmünde kabul edilýändigini nygtady.
Prezident Ilham Aliýew azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny aýtdy we türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandyny aýratyn belledi.
Doganlyk döwletiň Baştutany iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de oňyn netijesini berjekdigine ynam bildirip, Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemişe taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkymyzda «Toý bilen ýas bile gelermiş» diýen jümläniň bardygyny aýdyp, ertir azerbaýjan halkynyň öz umumymilli Liderini hem-de häzirki Azerbaýjanyň esaslandyryjysy Geýdar Aliýewi hatyralaýandygyny belledi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.