icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

13 dekabr 2025

851

Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy hakynda

 

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz eýran kärdeşini mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, ýurdumyza gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Prezident Masud Pezeşkianyň bu ýokary wekilçilikli maslahata gatnaşmagynyň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatyna berilýän ýokary bahanyň nyşany hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň sebitde we dünýäde parahatçylyk taglymlaryny ilerletmäge möhüm goşant boljakdygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Masud Pezeşkianyň saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirip, Eýranyň ýurdumyzyň dosty we ýakyn goňşusydygyny, türkmen we eýran halklarynyň taryhyň dowamynda doganlyk gatnaşyklary saklap gelýändiklerini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň iň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Soňky ýyllaryň görkezijileri bu gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler medeni-ynsanperwer, şol sanda ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdiler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, geljekde hem bu ugurda tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Masud Pezeşkian däp bolan dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi