icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 dekabr 2017

932

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli diplomatik wekilhanalaryň arasynda sport ýaryşy geçirildi

  Halkara Bitaraplyk gününe we Merkezi Aziýa üçin  BMG öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 8-10-njy dekabrynda halkara guramalaryň wekilhanalarynyň we daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň toparlarynyň arasynda kiçi futbol, woleýbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistanyň DIM-niň topary hem gatnaşdy.

Kiçi futbol boýunça «Galkynyş» we «Türkmenistan» sport toplumlarynda geçirilen ýaryşa 10 topardan ybarat bolan BMG Wekilhanasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Täjigistan Respublikasynyň, Ukrainanyň ilçihanalarynyň, Katar döwletiniň we  Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň  ýygyndy toparlary gatnaşdy. Birinji orna Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň topary mynasyp boldy, ikinji orna Gazagystan Respublikasynyň Ilçihanasynyň topary, üçünji orna bolsa ABŞ-nyň Ilçihanasynyň topary mynasyp boldy.  

Ýaryşda ýeňiji bolan topar Merkezi Aziýa üçin BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň göçme kubogyna we altyn medallara mynasyp boldy. Gazagystan Respublikasynyň we ABŞ diplomatik wekilhanalarynyň toparlaryny degişlilikde kümüş we bürünç medallar bilen sylagladylar. Iň gowy derwezeçä we hüjümçä aýratyn gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy. Ýaryşyň dowamynda Türkmenistanyň DIM-niň wekilleriniň we Ilçileriň gatnaşmagynda dostlukly duşuşyk guraldy.

Woleýbol boýunça Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda geçen ýaryşda birinji orna Saud Arabystanyň Ilçihanasynyň topary, ikinji orna Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň topary we üçünji orna Türkmenistanyň DIM-niň topary eýe boldy.

Halkara  Ynsanperwer  ylymlary we ösüş uniwersitetiniň sport toplumynda guralan stoluň üstündäki tennis boýunça bäsleşikde,  birinji orny ABŞ-nyň Ilçihanasynyň wekili eýeledi, ikinji orna  Russiýa Federasiýasynyň wekili, üçünji orna bolsa Türkiýe Respublikasynyň Ilçihanasynyň wekili mynasyp boldy.

Ýaryşa gatnaşyjylaryň ählisine degişlilikde Merkezi Aziýa üçin BMG-niň  Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Baýrakly orunlary eýelän toparlary bolsa Türkmenistanyň sport boýunça Döwlet komiteti hormat hatlary bilen sylaglady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi