icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 fewral 2018

682

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi

2018-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy netijeleri, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa gecirmegiň çäginde geçen ýyl boýunça DIM-niň işiniň netijeleri, şeýle hem 2018-nji ýyl üçin meýilleşdirilýän çäreler bilen tanyşdyrmak boýunça brifing geçirildi.

Brifingiň işine Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň işgärleri, Türkmenistanda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň gatnaşyjylaryna geçen ýylda geçirilen uly ähmiýetli çäreler barada maglumat berildi. Ilki bilen ýurtda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketleriniň we sportuň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň mysaly bolan, ägirt uly sport çäresiniň – V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegini bellemeke gerek. Şeýle hem, Türkmenistanyň BMG-de 25 ýyllyk agzalygy bilen bilelikde, ýurtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň taryhynda ähmiýetli waka bolup durýan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň paýtagtymyzda açylmagynyň 10 ýyllygy bellenildi.

Brifinge gatnaşyjylara 2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen üç sany kararnamalar barada aýdyldy. Türkmen döwletiniň ýolbaşçysy tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlar beýleki aktual ugurlarda bolşy ýaly, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygynyň tassyknamasy boldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň teklibi esasynda Aşgabatda noýabr aýynda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) geçirilendigi barada beýan edildi. Bu forumyň netijeleri boýunça agza-döwletleriň we halkara guramalaryň geljekde özarabähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýarlygyny şöhlelendirýän Aşgabat jarnamasy kabul edildi.

Geçen ýylda biziň ýurdumyz Halkara Energetika Hartiýasynda başlyklyk etdi. Dünýä ösüşiniň häzriki döwür ýagdaýyny we akymlaryny, şeýle hem global energetika meseleleri boýunça maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli gepleşik meýdançasynyň derejesini ýene-de bir gezek tassyklap, bu guramanyň 28-nji sessiýasy 50 sany ýurduň 200-den gowrak wekilleri Aşgabatda ýygnandy.

Brifinge gatnaşyjylara berlen maglumat boýunça, umuman 2017-nji ýylyň dowamynda daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 584 sany dürli derejedäki wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi. Bu döwürde Türkmenistandan daşary ýurtlara 624 sany wekiliýet gitdi. Şeýle hem, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda 235 sany dürli derejeli maslahatlar, duşuşyklar we beýleki çäreler guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, jemi 226 sany halkara resminamasy taýýarlanyldy we olara gol çekildi. Mundan başga-da, Türkmenistan 6 sany halkara konwensiýalaryna goşuldy. Häzirki wagtda döwletimiz 145 sany halkara konwensiýasyna gatnaşýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek boýunça işler hem alnyp barylýar. Hasabat döwründe bu ugurda 47 sany duşuşyk gurnaldy. 2017-nji ýylda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlarynyň 18 sany, işewürler maslahatynyň 14 sany mejlisi geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 145 sany döwleti bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. Döwletimiziň daşary ýurtlarda 38 sany diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary işleýär. Türkmenistanda bolsa, daşary ýurt döwletleriniň 35 sany diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary işleýärler. Şeýle hem ýurdumyzda 15 sany halkara guramasynyň wekilhanalary ýerleşýär.

Brifinge gatnaşyjylara 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde meýilleşdirilýän umumy döwlet ähmiýetli çäreleri babatda maglumat berildi.

Brifingiň ahyrynda garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek adam siwilizasiýasynyň ösüşine we öňe gidişine öz goşandyny goşmak üçin ähli zerur tagallalary etjekdigi aýratyn bellenildi.

 

 

 

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi