icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 fewral 2018

777

Türkmenistanyň DIM-nde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň partiýa resminamalaryny öwrenmek boýunça Merkeziniň başlygy j-p Len Žunuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäginde taraplar ikitaraplaýyn özaragatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikirler alyşyp, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny geljekde işjeňleşdirmek boýunça tekliplerini beýan etdiler. Dürli derejelerdäki işjeň köpmeýilli we ulgamlaýyn syýasy gepleşikleri aýratyn häsiýeti bolup durýan Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi barada aýdyp, taraplar ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlardaky strategiki häsiýetini bellediler.

Hytaý tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetiniň işjeň ösüşini, şol sanda Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine gönükdirilen ýurduň daşary syýasy başlangyçlarynyň ähmiýetini bellediler.

Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmegiň wajyplygyna ünsi çekdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi