icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 fewral 2018

718

Hindistan Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

2018-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Azar Abul Hasan Han bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň başynda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp taraplar geljekde bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki saparlaryň orny we hökümetara toparynyň işi bellenilip geçildi.

Şeýle-hem, ulag, energetika we ykdysadyýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmalar boldy. Taraplar Merkezi we Günorta Aziýany birikdirýän köpri bolup hyzmat etjek Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň orny bellenilip geçildi.

Hindistan Respublikasynyň täze Ilçisini bu jogapkärçilikli wezipä geçmegi bilen gutlap, türkmen tarapy Ilçiniň türkmen-hindi gatnaşyklaryny giňeltmekde alyp barýan işlerinde ähli ýardamlary we goldawlary berjekdigini beýan etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi