icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 fewral 2018

769

Gruziýada “Türkmenistan - sagdyn durmuşyň we sport üstünlikleriniň ýurdy” ady bilen maslahat geçirildi

2018-nji ýylyň 6-njy fewralyndan Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Sport federasiýasy bilen bilelikde Tbilisi şäheriniň “Rooms” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Sagdyn durmuşyň we sport üstünlikleriniň ýurdy” ady bilen maslahat geçirildi.

Agzalan maslahata, Gruziýanyň Parlamentiniň Sport we ýaşlaryň işleri boýunça komitetiniň başlygy M.Kawelaşwili, Gruziýanyň Sport federasiýasynyň başlygy Z.Bokolişwili, Gruziýanyň Turizm federasiýasynyň prezidenti P.Siwadze, Gruziýanyň Medeniýet we sport ministrliginiň wekilleri we köp sanly tälimçiler, türgenler hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler, 2018-nji ýyl Türkmenistanda “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip at berilendigini, Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistan üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny we köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär diýip giňişleýin bellediler.

Şeýle hem, 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary guramaçylykly geçirilip, bu oýunlar Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende  galdyrandygyny bellediler.

Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini, Türkmenistanyň arheologik hem-de medeni-taryhy ýadigärliklerini, medeni mirasyň we maddy gymmatlyklaryň taryhy ähmiýetini hem-de bedenterbiýäni we sporty wagz etmek, halkara jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, dünýäde ösüp gelýän ýaş nesilleri sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary esasynda “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlary geçiriljekdigi barada bellenildi. Şol bir wagtda, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň Türkmenistanda geçirilýändigi baradaky habar maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri barada wideorolik görkezildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby sowgat berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi