icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 mart 2018

845

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça üçünji duşuşyk öz işine başlady

2018-nji ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça üçünji duşuşyk öz işine başlady. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, esasy hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar.

Bellenilşine görä, geçen döwürde gazanylan ylalaşyklary amaly taýdan durmuşa geçirmek boýunça uly işler ýerine ýetirildi. Bäştaraplaýyn görnüşde gol çekilmegine meýilleşdirilýän täze hukuk namalaryň ençemesiniň ylalaşmak işi çaltlaşdyryldy. Olaryň hatarynda özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilen, uly mümkinçilikleri özünde jemleýän Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy bellemek gerek.

Gepleşikleriň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen tarapynyň týýarlan Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasy hazarýaka döwletleriniň arasynda özarabähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hemişe hereket edýän, hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylyk wekilleri we işewürler toparlary üçin gepleşikler meýdançasyna öwrüljek Hazar Yksady Forumyny döretmek başlangyjyna aýratyn üns berildi.

Iki günlük mejlisiň barşynda Ylalaşygyň taslamasyna garamak, şeýle hem käbir düzgünleri boýunça pikirleri alyşmak we ylalaşyklary gazanmak meýilleşdirilýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi