icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 maý 2018

771

Türkmenistanyň Kiýewdäki Ilçihanasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap çäre geçirdi

2018-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Milli «Ostrož akademiýasy» Uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyga daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça guramanyň Baş direktory P.Kriwonos we «OUTLOOK» halkara taslamasynyň Baş direktory D.Korýakina gatnaşdylar.

Ostrož akademiýasynyň taryhy 1576-njy ýyldan başlaýar. Häzirki wagtda akademiýa halkara gatnaşyklary, ykdysadyýet, hukuk ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Milli «Ostrož akademiýasy» Uniwersiteti 2010-njy ýyldan bäri Uniwersitetleriň Ýewropa Assosiasiýasynyň, Ukrain uniwersitetleriniň we Warşawa uniwersitetiniň Konsorsiumynyň, Uniwersitetleriň Gündogar Ýewropa ulgamynyň agzasy bolup durýar.

Ostrož akademiýasynyň «halkara gatnaşyklary» fakultetiniň dürli kurslarynyň 30 gowrak ukrain talyplaryndan ybarat topary dekanatyň ýolbaşçylygynda Rowen oblastynyň Ostrog şäherinden Türkmenistan barada mümkin boldugyndan köpräk bilimleri almak üçin geldiler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň baýramçylygynyň öň ýanynda talyplara Türkmenistanyň daşary syýasaty, ykdysadyýetiniň ösüşi, senagaty, sosial we saglygy goraýyş, bilim we ylym, sport, medeniýet we syýahatçylyk ugurlary barada maglumat berildi.

Şeýle hem, Türkmenistanda 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýändigi barada aýdyldy. Talyplaryň dykgatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynyň ukrain dilindäki nusgasy hödürlendi.

Ostrož akademiýasynyň «halkara gatnaşyklary»  fakultetiniň dekanyna ýokarda agzalan Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby sowgat edildi, ähli talyplara bolsa - Türkmenistanyň dabaraly senelerine bagyşlanan «Image.ua» halkara žurnalynyň neşiri sowgat edildi.

Fakultetiň dekany Uniwersitetiň ýolbaşçysynyň adyndan Türkmenistanyň Ilçihanasyna myhmansöýerligi, gelen talyplaryň durmuşynda täze ýatda galyjy we peýdaly maglumatlar üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi