icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 iýul 2018

857

Türkmenistan Eýranyň halkyna ynsanperwerlik kömegini berýär

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, käbir ministrliklere we edaralara Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz ynsanperwer kömegi bermek tabşyryldy.

2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda uçar bilen iberilen ynsanperwer ýük doganlyk Eýrana baryp gowuşdy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetine ýetirildi. Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda goňşy ýurduň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegi iberdi. Kermanşah welaýatynyň häkimi Huşang Bazwand türkmen wekiliýetinden doganlyk ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk sözlerini ýetirmegi haýyş etdi.

Goňşy halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagyň we ösdürmegiň, zerur bolan ýagdaýynda kömek bermek üçin gol uzatmagyň gadymdan gelýän däpleri türkmenlerde asyrlarboýy dowam edip, nesilden-nesle geçip gelýär. Goňşy Eýranyň günorta-gündogarynda bolup geçen tebigy hadysa uly weýrançylyklara getirip, ýerli ilat ejir çekdi. Milletimize mahsus bolan ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýörelgelerinden ugur alýan Türkmenistan tebigy betbagtçylyk baradaky habara seslenip, Eýranyň halky üçin ynsanperwer kömegini iberdi.

Iki döwletiň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmegine we giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň we Eýranyň paýtagtlarynda yzygiderli geçirilýän medeniýet günleri, şeýle hem ylmy maslahatlar doganlyk halklaryň medeni däpleriniň özara baýlaşmagyna hyzmat edýär.

 Şu ynsanperwer çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň nobatdaky gezek dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär, iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edip, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň mizemezdiginiň ýene bir aýdyň mysalyna öwrüldi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi