icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 iýul 2018

811

Astrahanda “Amul – Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan şäheri) 2018-nji ýylyň 9-15-nji sentýabrynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Amul – Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Bu dabara Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly A.Baýramow, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary G.Agamyradow, Astrahan oblastynyň Sport ministri M.Fidurow, Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Astrahandaky wekili O.Kolomin, Gazagystanyň we Eýranyň Astrahandaky konsullyklarynyň işgärleri, “Ýüpek Ýoly – 2018” ralli-reýde gatnaşyjylar, Astrahan oblastynyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle-de ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň baştutanynyň sportyň we ulag ulgamynyň ösüşine gönükdirilen içeri we daşary syýasaty barada giňişleýin maglumat berildi. Bu halkara gün tertibi boýunça Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň garaýyşlarynyň birliginiň mysaly hökmünde Astrahanda bu günler geçirilýän “Ýüpek Ýoly – 2018” halkara ralli-reýdini we 2018-nji ýylyň 9-15-nji sentýabrynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Amul – Hazar 2018” Halkara awtorallisini görkezmek bolar.

Öz çykyşlarynda türkmen wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmek babatynda öňe sürýän başlangyçlary we olary ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada we öz amatly geografiki ýerleşişi boýunça iri halkara ulag logistika merkezine öwrülýän Türkmenistan barada gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2018 ýyl «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly şygarynyň astynda birnäçe iri göwrümli ulag taslamalarynyň ýerine ýetirilmegi, şol sanda 2018-nji ýylyň maý aýynda gurlup ulanmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty barada maglumat ýetirildi. Şeýle hem, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen ýylyň birinji ýarymynda BMG tarapyndan welosiped sportunyň ösüşine bagyşlanan we Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça medeni mirasy gorap saklamak baradaky karanamalaryň kabul edilendigi bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi