icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

04 oktýabr 2016

1966

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat

2016-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegine bagyşlanan “Hukuk döwletiniň berkarar bolmagy: milli tejribe we dünýä ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

 Oňa Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary we halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri şeýle-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlar – Owganystandan, Eýrandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzstandan we beýleki döwletlerden alymlar hem-de parlamentleriň agzalary gatnaşdylar.

Forumyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara Gutlagy okaldy. Onda “ýurdumyzyň Esasy Kanunynda demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde Türkmenistanda döwletiň ähli syýasy, ykdysady, medeni-durmuş serişdeleri, guramaçylyk we hukuk esaslary bitewülikde bir maksada — türkmen halkynyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, hemmetaraplaýyn goraglylygyny üpjün etmäge, şahsyýetiň kämilleşmegini höweslendirmäge gönükdirilendir” – diýip nygtalýar.

Halkara maslahatynda çykyş edenler bu syýasy-hukuk resminama ähli halk tarapyndan taýýarlanylan, köpmilletli halkyň umumy erkini bildirýän, ýokary hukuk güýjüne eýe bolup, jemgyýetiň möhüm ýörelgelerine we sosial-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik, ruhy-ahlak ýaşaýşyny üpjün edýän institutlaryna eýerýändigini bellediler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet institutlaryny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny hemmetaraplaýyn goramaga, milletiň gülläp ösmegine, türkmen jemgyýetini we halk häkimiýtiniň ýörelgelerini ösdürmäge gönükdirilen syýasaty geçirýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi