Türkmenistanyň sport diplomatiýasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi hem-de ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Netijede, Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamly, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde ähmiýetli tejribesi bolan, halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamyna işjeň gatnaşýan ýurt bolup durýar. Muňa mysal edip, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesini, 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, şeýle-de 2018-nji ýylda geçirilen “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisini we agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny hem-de beýleki halkara derejedäki ýaryşlary görkezmek bolar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda paýtagtymyzyň Gyşky oýunlary toplumynyň hem-de “Galkan” sport merkeziniň buzly arenasynyň we “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Köpugurly sport toplumynyň ýardamy bilen sportuň dürli görnüşleri, şol sanda gyşky görnüşleri işjeň kämilleşdirilýär. Olardan şaýbaly hokkeý iň meşhurlarynyň hataryndadyr. Ýurdumyzyň hokkeý boýunça milli ýygyndy toparynyň 2017-nji ýylda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VIII Gyşky Aziýa oýunlaryndaky ynamly ýeňişi 2021-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde geçiriljek indiki IX Gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berdi. 

Özgerişikler döwründe ýurdumyzda sport ussatlygynyň hili has hem kämilleşdirildi. Muny türkmen türgenleriniň dürli derejedäki halkara ýaryşlaryndaky gazanan üstünlikleri hem tassyklaýar. Eger-de 2007-nji ýylda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda bary-ýogy 10 medal gazanan bolsalar, 2019-njy ýylda 204 sany halkara ýaryşlarynda 319 medal gazandylar, olardan 99 altyn, 106 kümüş we 114 bürünç medallar.

Bularyň hemmesi dünýäde Türkmenistanyň sport ulgamyndaky abraýyny has hem ýokarlandyrdy we berkitdi.

“Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” kesgitlenilişi ýaly ýurduň halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamyna integrasiýasy esasy wezipeleriň biridir. Bu ugurda Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we degişli halkara guramalary bilen köptaraplaýyn özarabähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ýola goýýar.

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça 70 golaý dürli hökümetara we pudagara derejedäki resminamalara gol çekdi. Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça biziň ýurdumyz BMG, ÝUNESKO, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistan Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy, ÝUNESKO-nyň sportda doping serişdelerini ulanmaklyga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, Milli antidoping agentligini döretdi hem-de ÝUNESKO-nyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara Komitetiň (CIGEPS)düzümine saýlandy.

Halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamynda, şol sanda, sport diplomatiýasynda esasy wezipeleriň biri, Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara giňişliginde sport ulgamynda alyp barýan syýasatyny we başlangyçlaryny durmuşa geçirmekden ybarat bolup durýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 7-8-nji aprelinde “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Halkara sport kongresiniň «Aziada — 2017: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara sport hyzmatdaşlygy» atly jemleýji Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde resminama hökmünde kabul edilendigini bellemek bolar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy mejlisinde biragyzdan kabul edilen “Bosgunlaryň olimpik ýygyndysynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça gymmatly goşandyny höweslendirmek hakynda” bilelikdäki Beýannama ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň kämilleşdirilmegine ähmiýetli goşant goşýar. 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny “Halkara welosiped güni” diýlip yglan etmek baradaky kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň günsaýyn ösýän halkara abraýynyň ýene bir görkezijisi bolup durýar. Biziň ýurdumyzda bu sene giňden bellenilýär we onuň çäklerinde 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň “Aşgabat” köpugurly stadionynda 3 müň 246 adamyň gatnaşmagynda welosport boýunça okuw sapagy, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda bolsa, 2019 adamyň gatnaşmagynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirildi. Giň möçberli welosiped çäresine gatnaşyjylar biri-biri bilen kesgitli aralykda bir hatara düzüldiler we Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan öwrüm edip, 3300 metr aralygy geçdiler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagty we onda ýerleşýän, halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmäge ähli şertleri bolan Olimpiýa sport toplumy şu ýylyň we indiki ýylyň dowamynda ýene-de 4 sany iri halkara ýaryşlary geçirmäge taýýarlyk görýär. 2020-nji ýylyň dowamynda futzal boýunça Aziýa çempionaty, tennis boýunça Dewisiň Kubogynyň bir tapgyry (Aziýa/Okeaniýa zolagy IV topar) hem-de Sambo boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. 2021-nji ýylda Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Häzirki wagtda türkmen türgenleri özleri üçin döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, okuw-türgenleşiklerine we daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara üstünlikli gatnaşyp, ýokarda agzalan halkara ýaryşlaryna işjeň taýýarlanýarlar. 2020-nji ýylyň 24-nji iýuly – 9-njy awgusty aralygynda Tokioda geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýurdumyzyň ýygyndy topary hem Olimpiýa şäherçesinde ýörite türgenleşik geçýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda sport jemgyýetçilik ösüşiniň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” şygarynyň astynda dürli ýaşly adamlar bedenterbiýe we sport bilen yzygider meşgullanýarlar. Ýurdumyzda geçirilýän ähli halkara sport çäreleri şu ýylda Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygyny belleýän ýurdumyz üçin örän ähmiýetli çäreler bolup durýandyr.

Soňky habarlar

Başga habarlar