icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 iýul 2017

1104

Türkmenistan Jibuti Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

2017-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynyň Er-Riýad şäherinde ýerleşýän binasynda Türkmenistan bilen Jibuti Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaklyk baradaky Teswirnama gol çekmek dabarasy bolup geçdi. Resminama saud paýtagtynda akkreditirlenen iki ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde  gol çekildi.

Dabara gatnaşyjylar iki ýurduň syýasy-diplomatik we ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmegiň ähmiýetini belläp, taraplar gol çekilen resminamanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdiler. Taraplar parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde garaýyşlaryň umumylygyny belläp, halkara guramalaryň esasan hem Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň çäginde iki ýurduň özaragatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler.

Duşuşygyň dowamynda medeni-sport hyzmatdaşlygyny ýola goýulmagyna, bilelikdäki çäreleri gurnamagyň we iki ýurtda geçirilýän medeni çärelerde özara gatnaşmagyň mesellerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy myhmanlary 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen tanyşdyrdy. Myhmanlara Aziada bagyşlanan  wideo şekiller, suratlar we sport žurnallary gowşuryldy.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi