icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 iýul 2017

852

Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistana sapary amala aşyrdy

2017-nji ýylyň 11-12-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen boldy.

Saparyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda daşary işler ministrleri derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň şu ýylyň martynda Türkmenistana bolan ilkinji döwlet saparynyň, maý aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zogalyna bolan iş saparynyň we iýun aýynda  iki ýurduň liderleriniň Gazagystanyň paýtagty Astanada bolan duşuşygynyň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine güýçli itergi berendigi hem-de Strategik hyzmatdaşlyk baradaky Şertnama esasynda gatnaşyklary täze derejä çykarandygy bellenildi. Mundan başga-da taraplar, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit derejesindäki möhüm meseleler  barada pikir alyşdylar.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky amaly hyzmatdaşlygyň ösüşiniň meseleleri,  strategik hyzmatdaşlygy berkitmäge degişli täze ugurlary kesgitlemek we bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary G. Ibragimow we söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň ýolbaşçysy, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary A. Ramatow bilen hem duşuşyklary geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda şu ýylyň ýanwarynda bolan toparyň 13-nji mejlisindäki ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi boýunça aýratyn meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bulardan başga-da, ýangyç-energetika toplumynda we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine seredildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi