icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 iýul 2017

740

Duşanbede türkmen-täjik syýasy geňeşmeleri geçirildi

2017-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredow Täjigistan Respublikasyna saparda boldy.  

14-nji iýulda Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelerde Täjigistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Sirojiddin Aslow ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda halkara we sebit meseleleriniň gün tertibindäki esasy soraglar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Taraplar hemişelik syýasy dialogyň we döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň möhüm derejede durýandygyny biragyzdan bellediler. Söwda, energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri, ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilişi, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda 2018-2019-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Täjigistanyň Prezidenti Emomoli Rahmon tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine seredildi.

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik  hökümetara toparynyň işjeňligini artdyrmagyň, işewürler toparlarynyň we döwlet kompaniýalarynyň hemişelik dialogynyň üpjün edilmeginiň, Işewürler geňeşini döretmegiň we Söwda öýlerini açmaklygyň möhümdigi bellenildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Täjigistanyň sebitleýin we halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryna, howpsuzlygy üpjün etmek, halkara terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, Owganystandaky ýagdaýlary durnuklaşdyrmaga işjeň gatnaşmak meselelerine hem garaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi