icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 iýul 2017

727

Pekinde bilelikde ýerine ýetirilýän ykdysady taslamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň 2-nji mejlisi geçirildi

2017-nji ýylyň 13-nji iýulynda Pekinde bilelikde ýerine ýetirilýän ykdysady taslamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça iş toparynyň 2-nji mejlisi geçirildi.

Onuň dowamynda taraplar iş toparynyň birinji mejlisinde bellenilen  işleriň ýerine ýetirilişi, bilelikde ýerine ýetirilýän ägirt uly ykdysady taslamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar halkara we sebit meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, şeýle hem  terrorçylyga,  ekstremizme we transmilli guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek meseleleri boýunça özara gatnaşyklaryň ösüşiniň has möhüm ugurlary barada durup geçdiler.  

Mejlisiň ahyrynda taraplar iş toparynyň nobatdaky üçünji mejlisiniň duşuşygyny 2018-nji ýylda Türkmenistanda geçirmek barada ylalaşdylar.

Anna güni, 14-nji iýulda Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Daşary işler ministriniň kömekçisi Li Hueýlai bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda 2017-nji ýyl boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy wakalary,  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň şu ýylyň iýunynda Astanada geçiren gepleşikleriniň jemleri esasynda ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça iki ýurduň geljekki özara gatnaşyklary barada pikir alşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi