icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 sentýabr 2017

749

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň geçýän döwründe Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen bilelikdäki Türkmenistanyň we Braziliýanyň “Bosgunlaryň olimpik ýygyndysynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça gymmatly goşandyny höweslendirmek boýunça” ýüzlenmesi, dünýäniň köp sanly adam hukuklary çygryndaky daşary ýurt hökümet we halkara bilermenleri tarapyndan goldaw tapdy.    

Şunuň bilen, ABŞ-niň Ženewa şäherindäki diplomatik wekilhanasy özleriniň onlaýn maglumat portallarynda Türkmenistanyň we Braziliýanyň BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň gatnaşyjy döwletlerini toplap bilelikde ýüzlenmesini    kabul etmekde eden tagallalaryna ýokary baha berdiler, bu ýüzlenmede bosgunlaryň olimpik sport ýygyndylarynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça goşan gymmatly goşandy bellenilip geçilýär. Şeýle-hem amerikan tarapy hukuklaryny we mümkinçiliklerini we olara bolan ynamy  giňeltmek maksady bilen sport çärelerinde bosgunlaryň wajypdygyny belläp  türkmen we brazil tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Ondan başgada, mälim bolşy ýaly Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu resminamany goldan 27 döwletiň hatarynda, ýokarda agzalan Bilelikdäki ýüzlenmede awtordaş bolup çykyş etdi.

Şol bir wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygynyň sport boýunça utgaşdyrjysy Klaude Marşal Türkmenistanyň we Braziliýanyň başlangyjyny “örän täsirli” diýip aýtdy we beýleki döwletleri bu döwletleriň göreldesine eýermegi çagyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi