PRESS-RELIZ

Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk - ÝHHG-niň ministrler derejesindäki sebitl maslahatynyň üns merkezinde

 

«Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanşyk - ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» - ÝHHG we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde gurnan ÝHHG-niň ministrler derejesindäki sebitl maslahatynyň temasy boldy. Maslahat öz işini 2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda tamamlady.

Iki günlük maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden we Owganystandan, we ÝHHG-niň hyzmatdaşlyk boýunça 21 sany agza-döwletlerinden we hyzmatdaşlaryndan 120 golaý wekil gatnaşdy. Çärä halkara guramalaryň,  ylmy edaralaryň,  hususy sektorynyň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri hem gatnaşdylar.

Mäslahatyň çäginde serhetýaka we gümrük mehanizmlerini ylalaşmak ýoly bilen başlap, ykdysadyýetiň digitalizasiýasy we döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda soňky gazananlary bilen tamamlap, söwda işleriniň ýeňilleşdirilmegine we sebitleýin üstaşyr geçirilmeginiň  kämilleşdirilmegine degişli meseleleriň giň toplumyna seredildi. Çäre ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýjüni netijeli dolandyrmagyň wajyplygyna we oňyn işewür we maýa goýum gurşawyň döredilmegi üçin netijeli dolandyryşyň özara baglanşygyna hem-de täsirine ünsi çekdi.

Halkara bilermenler elektron täjirçiliginiň we san bilen aňladylýan söwdanyň üsti bilen özara baglanşygyny gowulandyrmak, şeýle hem howpsuzlyga we ulagy dolandyrmagyň täze howpsuz tehnologiýalaryna san bilen aňladylýan söwdanyň täsiri babatda maglumatlary berdiler.

Gatnaşyjylar sebitde öňdebaryjy ykdysady meseleler boýunça syýasy gepleşikleri işjeňleşdirmegiň ýollaryny we degişli ykdysady dolandyryşyň çygrynda öňdebaryjy tejribelerini alyşmagyň meslelelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Beýleki ara alnyp maslahatlaşylýan temalary öz içine durnukly ulag we energiýanyň täzelenýän çeşmeleriniň meseleleri boýunça sebitleýin ykdysady başlangyçlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynda ýardamlaryň mümkinçiliklerini aldylar.

Wuk Žukiç, ÝHHG-niň ykdysady we ekologiýa işiniň utgaşdyryjysy, onuň «ÝHHG-niň ähli agza-ýurtlaryndaky döwlet edaralarynyň açyklygy we hasabatlylygy degişli dolandyryşyň biri-birine meňzeş derejesiniň ynamyň ýola goýulmagyna ýardam berýändigi düýpli nukdaýnazaryna esaslanýandygy» barada aýdyp, 2016-njy ýylda Gamburg şäherinde kabul edilen ÝHHG-niň Ministrleriniň Geňeşiniň çözgüdi barada belledi.

Şol bir wagtda söwdanyň we ulagyň ýeňilleşdirilmegi boýunça çärelere gatnaşyk kadalaryň we döwlet hyzmatlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar, bu bolsa öz gezeginde özara baglanşygynyň we ynamyň has ýokary derejesine ýetirip biler, diýip Žukiç belledi. – Bu maslahat ÝHHG-niň biziň borçlanmalarymyzy ýerine ýetirmek üçin gepleşikleriň we  mehanizmiň meýdançasy hökmünde özüniň ähmiýetini tassyklaýar.

Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komitetiniň Başlygy H.Gurbanow: «Dünýäde bolýan uly göwrümli üýtgeşmeler we emele gelen täze ykdysady hakykat, dolandyryşyň halkara arhitekturasyny kämilleşdirmek boýunça ylalaşylan ädimleriň üsti bilen globalizasiýadan boldugyndan oňynlygy gazanmak we durnukly, deňagramly ösüşi üpjün etmek üçin dünýä jemgyýetinden netijeli çäreleri talap edýär» diýip belledi.

«Maslahat, köpmaksatlaýyn özara gatnaşygyň öňdebaryjy aspektleri boýunça pikirleri alyşmak üçin netijeli meýdan bolup hyzmat eder», - diýip Gurbanow aýtdy.

Talabalaýyk ykdysady dolandyryşyny kämilleşdirmek, söwda we ulaga ýardam bermek, ykdysadyýetiň kämilleşdirilmegi we energetika infrastrukturasy hem-de durnukly ulag ulgamlarynda döwlet we hususy sektorlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly meseleleri boýunça halkara bilermenleri tarapyndan işlenilen teklipleriň toplumy maslahatyň netijesi boldy.