icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 iýul 2019

1144

Aşgabatda türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirildi

2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-polýak syýasy geňeşmeleri geçirildi.  Polşa Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Marçin Prjidaç ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň başynda taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Polşanyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik özara gatnaşyklarynyň oňyn ýagdaýyny bellemek bilen, taraplar ýokary derejedäki  saparlary gurnamak mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Gazanylan ylalaşyklary gözden geçirmek bilen, taraplar bilelikdäki şertnama-hukuk binýadynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek bilen bagly meseleleriň toplumyna seredildi. Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar we degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi