icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

21 fewral 2017

3228

Türkmenistanyň DIM-nde Palestinanyň wekiliýeti bilen gepleşikler

2017-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Palestinanyň Daşary işler ministriniň orunbasary j-p Mazen Şamiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlaryndaky ikitaraplaýyn özara gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň çygry boýunça pikirleri alyşdylar. Taraplar geçen ýylyň noýabrynda Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly meselelerine garadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryna laýyk gelýän özara hyzmatdaşlygynyň geljekdäki diwersifikasiýasy üçin ýola goýlan gepleşikleri dowam etmegiň ähmiýetini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi