icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

21 fewral 2017

1134

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Oganystan Yslam Respublikasynyň DIM-niň wekiliýeti bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen Aşgabada gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Nasir Ahmad Andişanyň ýolbaşçylygyndaky  wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar biri-birini Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýylyň dolmagy bilen gutladylar. Şeýle gysga taryhy döwrüň içinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar täze mazmuna eýe bolandygy hem bellenip geçildi.

Gepleşigiň dowamynda  taraplar ýygy-ýygydan geçirilýän syýasy maslahatlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýän esasy gurallaryň biridigini belläp geçdiler. Mundan başga-da  iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek,  syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmek we ösdürmek ýaly meselelere garalyp geçildi. Taraplar ikitaraplaýyn hem-de halkara guramalaryň çäginde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan buýana hem güýçlendirmek baradaky meýillerini ýene bir gezek tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi