icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

25 fewral 2017

1212

Türkmen welosipedçileri Birleşen Arap Emirliklerinde okuw-türgenleşik ýygyndysyny geçirdiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlygyň çäginde  Türkmenistanyň welosiped boýunça milli ýygyndy topary Birleşen Arap Emirliklerinde okuw-türgenleşik ýygyndysyny geçirdiler.

         2017-nji ýylyň 15-23-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň erkekleriň arasyndaky welosiped boýunça milli ýygyndy topary BAE-niň Welosport boýunça Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Şarja emirliginde okuw-türgenleşik ýygyndysyny geçirdiler.

Türgenler russiýaly ussat tälimçi Albert Kolybiniň ýolbaşçylyk etmeginde sportda ýokary netijelere ýetmeklik üçin şossede sürmekligi özleşdirdiler we kämilleşdirdiler.

Türgenleşik ýygyndysyň geçirilýän ýeri we wagty ýöne ýerden saýlanmady. Türkmen welosipedçilerine 24-nji fewralda Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde başlanýan welosiped boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandylar. BAE-däki ýygyndy türgenlere Bahreýnde geçiriljek ýaryşa ýakyn bolan şertlerde türgenleşmäge mümkinçilik berdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi