«Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy» atly metbugat-konferensiýasyna gatnaşyjylar tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçirilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy

Şu gün Türkmenistanyň DIM-de ýerli we daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlary ulgamynda işleýän edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen metbugat-konferensiýasynda Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyjynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň derwaýyslygy aýratyn bellenildi.

Şeýlelikde, «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygynyň orunbasary W.Kazarezow öz çykyşynda Türkmenistanyň başlangyçlarynyň we teklipleriniň ählisiniň dolulygyna global derejede parahatçylygyň we özara düşünişmegiň ilerledilmegine gönükdirilendigini nygtady.

Metbugat-konferensiýasynda çykyş etmek bilen, Türkiýanyň «TRT World» teleradioýaýlymlar korporasiýasynyň programmalar boýunça direktory B.Baýraktar garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetendigini we ýurtda infrastrukturanyň hem-de senagatyň batly depginler bilen ösdürilmeginiň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini belläp geçdi.

Russiýanyň «Russia Today» halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň Baş direktory A.Nikolow Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň dünýä ýurtlarynyň hem-de halklarynyň parahatçylykda we birek-birege ynanyşmakda ýaşamak ýaly ýörelgelerden gözbaş almak bilen, Global Gün tertibiniň maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýandygyny nygtady.

Öz wideoýüzlenmesinde Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjiligiň we döwletara hem-de şahsyýetara gatnaşyklarda dawalara ýol berilmezliginiň möhüm ähmiýetini belläp geçdi.

«Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy» federal döwlet unitar kärhanasynyň Halkara gatnaşyklary boýunça direksiýasynyň başlygynyň orunbasary A.Perewoşikow Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda gyşarnyksyz çykyş edýändigini we şunuň bilen hem hemişelik bitaraplyk institutynyň netijeliligini iş ýüzünde subut edýändigini nygtady.

Öz çykyşynda Hindistanyň «Prasar Bharati» ýaýlymlar kompaniýasynyň Baş direktory Şaşi Şekhar Wempati şu günki günde parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýratyn wajyplygyny belledi.

Özbegistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň başlygynyň orunbasary N.Hikmatullaýewiň çykyşynda bu çäräniň geçirilmeginiň Türkmenistanyň sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň has hem pugtalandyrylmagy ugrundaky tagallaryny ýene-de bir gezek äşgär görkezýändigi nygtaldy.

Mundan başga-da Gruziýanyň TV-24 teleýaýlymynyň ýerine ýetiriji direktory B.Naçkebiýanyň, Azerbaýjanyň «Aztv» Halkara radiosynyň gepleşikleriniň direktory F.Iskenderowyň, Azerbaýjanyň «AZERTAJ» Döwlet habarlar agetliginiň wekili S.Ibragimowyň hem-de Ermenistanyň «ARMENPRESS» habarlar agetliginiň wekili A.Janpoladýanyň çykyşlarynda BMG tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň yglan edilmeginiň ähmiýeti we öz wagtyndalygy nygtaldy.