icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 aprel 2021

1456

Türkmenistanyň Daşary işler ministri “C5+1” görnüşdäki ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy

Şu gün, 23-nji aprelde «С5+1» formatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn duşuşygy geçirildi, onuň barşynda sebitiň ýurtlarynyň ABŞ bilen hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlary boýunça mazmuna baý pikirler alyşyldy.

Wideomaslahatyň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «С5+1» işine gatnaşýan taraplaryň ählisiniň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ekologiýa we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine işjeň çemeleşmelerini belläp geçdi.

Howanyň üýtgemeginiň we daşky gurşawyň goragynyň meselelerine aýratyn üns berildi.

Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Ştatlary bilen ýokarda görkezilen ulgamlardaky özara hereketleriniň giňeldilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlary we teklipleri beýan edildi.

Hususan-da, Howanyň üýtgemegi bilen bagly bolan tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň döredilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Şeýle-de ylmy-ekologiki klasterleriň esaslandyrylmagynyň mümkinçiliklerine seretmek hem teklip edildi. Şunlukda, bu ugurda ilkinji ädim hökmünde amerikan bilermenleriniň gatnaşmagynda tälim beriji okuw sapaklarynyň tapgyryny guramagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenilip geçildi.

Türkmen ministri Aral meselesinde jikme-jik durup geçmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen Aral deňziniň basseýnindäki ýurtlar üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň taýýarlanylmagy boýunça hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtady.

Mundan başga-da, suw meseleleriniň derwaýyslygy hem aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada suw meseleleriniň sebitiň ähli ýurtlarynyň gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagynda we halkara guramalarynyň gatnaşmagynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda çözülmäge degişlidigi baradaky anyk nukdaýnazary beýan edildi.

Taraplar «С5+1» formatynda yzygiderli we ulgamlaýyn gepleşikleriň dowam edilmeginiň, onuň iş ýüzündäki ähmiýetini artdyrmagyň zerurlygy bilen ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi