icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 maý 2017

1106

Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň arasynda syýasy geňeşmeler

2017-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Myhmanlaryň wekiliýetine Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministriniň orunbasary j-p Ali Süleýman Al Saidi ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar türkmen-kuweýt gatnaşyklaryň ilerlemeginde yzygiderli esasda geçirilýän syýasy geňeşmeleriniň ähmiýeti barada aýdyp, özarabähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini hoşallyk bilen bellediler. Şol bir wagtda iki döwletiň arasynda üstünlikli amala aşyrylýan syýasy gatnaşyklar özaragatnaşyklaryň esasy bolup durýandygy bellenildi.  

Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady we medeni-gumanitar çygyrlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem oba hojalyk we dokma senagaty pudaklaryndaky meselelerine garadylar. Energetika gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça teklipler beýan edildi. Türkmen tarapy ylym we bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleri beýan etdi. Şeýle hem taraplar iki ýurduň Medeniýet günleriniň, şeýle hem türkmen we kuweýt telekeçileriniň gatnaşmagynda işewürler maslahatlarynyň geçirilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryna gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde diwersifikasiýasy üçin ýola goýulan gatnaşyklary dowam etmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi