Daşary ýurt žurnallarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sanlary neşir edildi

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda türkmen döwleti öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Bu şanly sene mynasybetli, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreler we dabaralar, şeýle hem garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ýeten sepgitlerine bagyşlanan ýörite şekillendirilen neşirler çap edilýär.

Şeýlelikde, baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkiýe Respublikasynyň «Ýerli düşünce» we «Istanbool Today», Awstriýa Respublikasynyň «Galkynysh», Hindistan Respublikasynyň «Business Central Asia», Pakistan Yslam Respublikasynyň «The Diplomatic Insight» atly žurnallarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sanlary çap edildi.

Bu neşirlerde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda syýasatda, ykdysadyýetde, sosial we hukuk ulgamlarynda, ylymda we medeniýetde gazanylan üstünlikler barada gürrüň berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özarabähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ileri tutulýan ugurlary, sebitiň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek baradaky makalalar çap edildi.

Mundan başga-da bu neşirlerde şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy barada giňişleýin maglumat berilýär.

Şeýle hem žurnallarda Türkmenistanda şu ýylyň maý aýynda giňden bellenilip geçilen ýene bir şanly sene – türkmen paýtagty Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýerleşdirilendir.

Bu neşirlerde ýerleşdirilen makalalaryň awtorlary, hususan-da, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň belli syýasatşynaslary, öňdebaryjy neşirleriň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professorlary we mugallymlary türkmen bitaraplygynyň aýratynlygy, onuň sebit durnuklylygyny saklamakdaky orny barada aýdýarlar. Bu ýerde ýurdumyzyň energetiki, ulag we suw diplomatiýasy ugurlaryndaky başlangyçlary, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen işjeň ädimleri barada aýratyn nygtalýar.