icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 ýanwar 2022

1517

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze döreden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusyna bagyşlanan maslahat geçirildi

2022-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylary we işgärleri, professor-mugallymlar we talyplar hem-de milli habar beriş serşdeleriň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowanyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýewiň, şeýle hem professor-mugallymlaryň çykyşlary diňlenildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ýylda halkymyza peşgeş beren «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusy özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze şygrynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanan üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň wasp edilendigini bellenildi. Bu goşguda halkara durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň görkezijisi hökmünde asuda we abadan ýaşaýşyň ähmiýetine aýratyn üns bermek bilen, parahatçylyk söýüjilik gymmatlyklary, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri ündelýär. Bu ugurda çykyş edenler Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň öňe süren «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýen Ählumumy başlangyjynyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Maslahata gatnaşyjylar ählumumy parahatçylyk, özara ynanyşmak, dost-doganlyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýaly gymmatlyklarynyň mizemezligi beýan edilýän bu eseriň uly halkara ähmiýete eýedigini tassykladylar.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna maslahata gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi kabul edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi