icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 fewral 2022

1403

Türkmenistanda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyna bagyşlanyp halkara media forumy geçirildi

2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyna bagyşlanyp “Dünýä jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň ösüşinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýeti” atly halkara Media forumy geçirildi. Media forum Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Döwlet habarlar agentligi tarapyndan gurnaldy.

Çärä ýurdumyzyň habarlar agentlikleriniň we öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de baş redaktorlary, ýurdumyzda akkeditirlenen daşary ýurt KHBS-niň wekilleri, Aziýa-Ýuwaş ummany teleradioýaýlymlar birleşiginiň Baş sekretary, Russiýa Federasiýasynyň, Yragyň Iordaniýanyň, Bahreýniň, Gruziýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy KHBS-niň hem-de teleradiokompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdy.

Media forumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň “TASS” habarlar agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň, Aziýa-Ýuwaş ummany teleradioýaýlymlar birleşiginiň Baş sekretary Jawad Mottaginiň, Türkiýäniň “TRT Awaz” teleýaýlymynyň başlygy Sedat Sarikaýanyň, Özbegistan Respublikasynyň Milli teleradiokompaniýasynyň başlygy Alişer Hajaýewiň, Hytaýyň CGTN-Russian Mediakorporasiýasynyň Baş direktory Din Ýunyň we beýlekileriň wideoýüzlenme görnüşindäki çykyşlary diňlenildi.

Çykyş edenler Türkmenistanda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, milli habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek babatda hem ähmiýetli ösüşleriň gazanylandygyny hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýlup, bu ugurda özara tejribe alyşmaga aýratyn üns berilýändigini bellediler.

Aziýa-Ýuwaş ummany teleradioýaýlymlar birleşiginiň Baş sekretary Jawad Mottagi öz çykyşynda Türkmenistanyň bu birleşigiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara media hyzmatdaşlygy babatynda uly işleri alyp barýandygyny beýan etdi.

Bütinrussiýa teleradiokompaniýasynyň Aziýa sebiti boýunça ýolbaşçysy Fýodor Plotnikowyň belleýşi ýaly, 2022-nji ýyl, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edildi. Forumyň türkmen halky üçin şeýle möhüm, ähmiýetli döwürde geçirilýändigi onuň derwaýyslygyny we öz wagtyndalygyny görkezýär. Bu bolsa, Türkmenistanyň durnuklylygy we parahatçylygy, durmuş-ykdysady abadançylygy, şeýle hem dünýä ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary berkitmäge we sebitdäki hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan ymtylyşlaryny doly tassyklaýar.

Bu forumyň geljekde media ulgamyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak babatda pikir alyşmak üçin wajyp platforma boljakdygyna ynam bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Milli teleradiokompaniýasynyň başlygy A.Hajaýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi.

Koreýa Respublikasynyň “Korean Broadcasting System” kompaniýasynyň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Wansu Kim öz çykyşynda Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda maglumat ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Foruma gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar, hususan-da, dünýäde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi