icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 iýun 2017

897

Türkmenistanda “Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara media-forum geçirildi

2017-nji ýylyň 9-11-nji iýunynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde Aşgabatda we Mary welaýatynyň merkezinde “Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara media-forum açyldy. Media-forum Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň (AIPS), Malaýziýanyň, BAE-nyň, Mongoliýanyň, Gonkongyň sport metbugaty assosiasiýalarynyň, “Triwandi Çanzo”, “Gilmore business network”, “Laurel” iri media kompaniýalarynyň, “PTV news”, “Media-Lusa” ulgam we teleýaýlymlaryň, Belarusuň döwlet teleradio kompaniýasynyň wekillerini ýygnady. Maslahata Türkmenistanyň degişli edaralarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda myhmanlara türkmen sportuny ösdürmäge, halkara ähmiýetli iri ýaryşlary geçirmek üçin Türkmenistanda döredilen şertlere bagyşlanan wideofilm görkezildi. Ol myhmanlara Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk barada aýdyň düşünje berdi.

9-njy iýunda foruma gatnaşyjylara Aziada-2017-niň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň desgalary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Forumyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar sporty ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgama berýän ägirt uly ünsi barada bellediler.

Ýokary derejeli sport çärelerini taýýarlamagyň barşynda habar beriş serişdeleriniň köp ugurly orny, bu ugurda diňe däbe öwrülen metbugat, tele we radioýaýlymlary arkaly däl-de, eýsem, ulgamlaýyn internet neşirleriň we durmuş medialaryň köptaraplaýyn mümkinçiliklerini peýdalanmagyň zerurdygy barada aýdyldy.

Aşgabatda geçiriljek oýunlaryň dünýäniň habar beriş serişdelerinde döredýän gyzyklanmasy barada hem durlup geçildi. Maslahata gatnaşyjylar iri sport ýaryşlaryny geçirmekde, şol sanda olary beýan etmek işinde türkmen tarapy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan etdiler.

10-njy iýunda Maryda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. “Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara media-forumyna gatnaşyjylar bu dabaranyň hormatly myhmanlary hökmünde gatnaşdylar.

11-nji iýunda halkara media forumyň Meýilnamasy Halkara ahalteke sport toplumy bilen tanyşlykdan soňra tamamlandy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi