icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

10 ýanwar 2023

2440

Türkmenistanyň DIM-de Gyrgyzystanyň täze bellenen Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Azizbek Madmarow bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda R.Meredow Gyrgyzystanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine garaldy.

Taraplar ikitaraplaýyn saparlar görnüşinde-de, köptaraplaýyn platformalaryň çäginde-de aragatnaşyklary iň ýokary we ýokary derejede saklamagyň möhümdigini aýtdylar.

Diplomatlar şeýle hem iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň artmagynyň maksadalaýykdygyny görkezdiler.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekdäki işine üns berildi. Mundan başga-da, elektrik energiýasy we ulag-logistika pudaklarynda, şeýle hem medeni ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda ilçi A.Madmarow Türkmenistanyň Daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistandaky diplomatik missiýasynyň dowamynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny has-da giňeltmek we berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi