icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 oktýabr 2017

813

Türkmenistan bilen Oman Soltanlygynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2017-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Oman Soltanlygynyň paýtagty Maskat şäherinde Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň daşary sýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Oman tarapynyň wekiliýetine Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dr. Mohammed bin Awadh Al Hassan ýolbaşçylyk etdi.

Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriniň gün tertibine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän meseleler girizildi. Hususan hem, syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde şertnama-hukuk binýadynyň berkidilmeginiň zerurlygy bellenildi. Hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine toplumlaýyn garamak maksady bilen taraplar, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-oman Hökümetara toparyny döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar duşuşygyň ahyrynda ulag-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtalyp gelejekde Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde uly itergi berjekdigi bellendi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi